Sepleriň elýeterliligi

Müsürde parlamentdäki orunlara saýlawlar geçirilýär


Şu gün Müsürde geçirilýän açyk parlament saýlawlarynda “Musulman doganlygy” yslamçy partiýanyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokary hasaplanylýar.

Üç tapgyrdan ybarat boljak we ýanwar aýynda tamamlanmaly bu saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda parlametiň aşaky palatasy – Milli Assambleýa saýlanjak deputatlaryň sanowy belli bolar.

Parlamentiň ýokarky palatasyna saýlanjak deputatlaryň atlary bolsa mart aýynda belli bolmaly.

Parlamentiň iki palatasyna hem deputatlar saýlanansoň, Müsürde ýurduň täze konstitusiýasynyň proýekti taýýarlanmaly.

Parlament tarapyndan taýýarlanjak konstitusiýanyň proýekti boýunça ähliumumy referendumyň geçirilmegine garaşylýar.

Harbylar tarapyndan ýurduň dolandyrylmagyna garşy şu aýda geçirilýän protestlerde azyndan 40 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG