Sepleriň elýeterliligi

Klimatyň özgermegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirilýär


Şu gün Günorta Afrikanyň Durban şäherinde klimatyň özgermegine bagyşlanan halkara maslahaty öz işine başlady.

Oňa dünýäniň 194 ýurdundan 20 müňe golaý syýasatçynyň, ekologiýa boýunça aktiwistiň hem dürli ýurtlaryň resmi wekilleriniň gatnaşýandygy habar berlýär.

Bu BMG-yň gurnamagynda geçirilýän halkara maslahatynda zäherli gazlaryň atmosfera goýberilmegini azaltmak meselesine garalýar.

2012-nji ýylda Kiýota protokoly boýunça ylalaşyklaryň möhleti tamamlanansoň, atmosfera göýberilýan gazlaryň möçberini çäklendirmek meselesi boýunça taze ylalaşygyň kabul edilmegi möhüm bolup durýar.
XS
SM
MD
LG