Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda bilim pudagyna bagyşlanan sergi tamamlandy


Türkmenistanda bilim pudagyna bagyşlanyp, üç gün dowam eden serginiň hem ylmy maslahatyň işi tamamlandy.

Ýurduň Bilim ministrligi hem Türkmenistanyň söwdä-senagat palatasy tarapyndan gurnalan bu sergä ýurduň bilim edaralaryndan we bu ugurdan iş alyp barýan hususy kärhanalaryndan 50-ä golaý wekiliň gatnaşandygy habar berilýär.

Şeýle hem, bu çärä 40-a golaý daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, dürli ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň hem ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň gatnaşandyklary aýdylýar.

Sergide interaktiw kompýuter tehnikasynyň, laboratoriýalara hem daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon klaslaryna niýetlenen enjamlaryň, okuw esbaplarynyň, bilim pudagynda ulanylýan informasion tehnologiýalaryň we dürli kompýuter programmalarynyň ençemesi görkezilipdir.
XS
SM
MD
LG