Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýada ikinji tapgyr prezidentlik saýlawlary geçirildi


27-nji noýabrda Günorta Osetiýada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, deslapky maglumatlara görä, ýurduň öňki bilim ministri Alla Jiýoýewa öňde barýar.

Sesleriň ýarsyndan gowragy sanalandan soň, häzirlikçe oppozisiýadan kandidat Alla Jiýoýewanyň sesleriň 51 %-ni alyp, birneme öňe saýlanandygy belli boldy.

Bu saýlawlarda Jiýoýewanyň garşydaşy ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Anatoliý Bibilowy boldy. Ol sesleriň sany boýunça häzirlikçe birneme yzda barýar.

Şu gün Alla Jiýoýewa öz garşydaşyny ýeňilendigini boýun almaga çagyrdy. Günorta Osetiýanyň Merkezi saýlaw kommisiýasynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlaryň resmi netijeleri 5 günden soň yglan ediler.
XS
SM
MD
LG