Sepleriň elýeterliligi

Özbek prezidentiniň ýegeni ruhy hassahanasyndan azat edildi


Şu gün özbek prezidenti Yslam Karimowyň ýegeni Jamşed Karimowyň oktýabr aýynda Samarkandyň golaýynda ýerleşýan ruhy hassahanadan çykarylandygy belli boldy.

Ruhy hassahana ýerleşdirilmezinden öň garaşsyz žurnalist hökmünde iş alyp baran Jamşed Karimow Uruş we parahatçylyk maglumatlar instituty, Uznews.net habar agentligi ýaly edaralara ýurtda bolup geçýän wakalar barada maglumat ýetirýärdi.

Ol 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda tussag edilip, alty aýdan soň ruhy hassahana ýerleşdirilmeli edilipdi.

Onuň ruhy hassahanada saklanmaly möhletiniň birnäçe gezek uzaldylandygy habar berilýar.

Jamşed Karimowyň oktýabr aýynda ABŞ-yň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Özbegistana sapar etmeziniň öňüsyrasynda ruhy hassahanadan goýberilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG