Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ele salynýan neşe maddalarynyň möçberi artýar


Täjigistanda şu ýyl ele salnan neşe maddalarynyň möçberi geçen ýylky bilen deňeşdirilende 30% ýokarlanypdyr. Bu barada şu gün Täjigistanyň Neşä gözegçilik etmek boýunça agentligi habar ýaýratdy.

Bu agentligiň maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylyň 10 aýynda 4 tonna golaý neşe maddasy ele salnypdyr, olardan 500 kilogramynyň geroindigi aýdylýar.

Täjigistanyň Neşä gözegçilik etmek boýunça agentligi bu görkezjileriň özleriniň alyp barýan işleriniň has netijeli bolandygyna şaýatlyk edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG