Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama Pakistandaky hüjümlere aladasyny bildirdi


Duşenbe güni prezident Barak Obama Pakistanyň serhedinde NATO-nyň güýçleriniň gatnaşmagynda dörän çaknyşykda 24 päkistanly esgeriň ölmegini “tragiki waka” diýip atlandyrdy.

Şenbe güni Owganystanyň serhedine golaý Mohmand sebitinde edilen bu hüjüm Yslamabatda gahar-gazap döredipdi.

Duşenbe güni Ak Tamyň metbugat wekili Jey Karney bu meselä “juda ýokary derejede” garalýandygyny mälim etdi.

NATO-nyň we Amerikanyň merkezi harby karargähi bu waka bilen baglylykda aýry-aýrylykda derňew geçirmäge söz berdiler.
XS
SM
MD
LG