Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürdäki saýlawlara örän köp ses berijiler gatnaşdy


Duşenbe güni Müsürde geçirilen parlament saýlawlaryna ses bermage örän köp raýatlaryň gatnaşandygy habar berilýär. Bu Müsüriň awtoritar lideri Hosni Mubarek häkimiýetden çetleşdirilenden soň bu ýurtda geçirilen ilkinji saýlaw boldy.

Saýlawlar boýunça ýokary sud komitetiniň başlygy, sudýa Abdel Moez Ibrahim şeýle diýdi:"Saýlawçylaryň sany barada aýdylanda, Hudaýa şükür, men juda köp adamlaryň ses bermäge gelendigine, diýseň, haýran galdym. Biziň başda çaklaýşymyzdan has köp adam geldi. Bu bizi haýran galdyrdy”.

Üç tapgyrdan ybarat boljak we ýanwar aýynda tamamlanmaly bu saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda parlamentiň aşaky palatasy – Milli Assambleýa saýlanjak deputatlaryň sanawy belli bolar.

Saýlawlarda yslam partiýalarynyň, şol sanda, “Musulman doganlygy” partiýasynyň hem ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokary hasaplanylýar
XS
SM
MD
LG