Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Ysfyhan şäherinde näme bolandygy belli däl


Duşenbe güni Eýranyň Ysfyhan şäherinde partlamanyň bolandygy barada biri-birine çapraz gelýän maglumatlar peýda boldy.

Ýerli häkimiýetler ol ýerde hiç bir hili hadysanyň bolmandygyny aýdýarlar.

Emma “Fars” habar agentligi duşenbe güni irden Ysfyhanda güýçli partlamanyň sesiniň eşidelendigini habar beripdi. Birneme soňra bu maglumat habar agentliginiň web-saýtyndan aýryldy.

Ysfyhan şäherinde Eýranyň ýadro reaktorlarynyň biri ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG