Sepleriň elýeterliligi

Sowet diktatory Staliniň gyzy Birleşen Ştatlarda aradan çykdy


ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, ozalky sowet diktatory Iosif Staliniň gyzy, 85 ýaşly Lana Peters (ozalky ady Swetlana Stalina) rak hassalygy sebäpli mundan bir hepde ozal – 22-nji noýabrda aradan çykypdyr.

Ol 1967-nji ýylda, sowuk urşy döwründe Sowet Soýuzyny terk edip, Amerika baryp, kakasyny we Sowet Soýuzyny ýazgarypdy.

1953-nji ýylda, kakasy ölenden soň, Swetlana özüniň ejesiniň familýasyny, ýagny, Alliluýewa familýasyny alýar.

1970-nji ýylda ol Willýam Peterse durmuşa çykýar. Maglumata görä, Swetlana Stalina azyndan dört gezek durmuşa çykypdyr we onuň üç çagasy bar.

1984-nji ýylda ol Sowet Soýuzyna dolanyp barypdy. Bir ýyl töweregi wagt geçensoň bolsa, ol yzyna – Birleşen Ştatlara dolanypdy.
XS
SM
MD
LG