Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen duşuşdy


Duşenbe güni amerikan prezidenti Barak Obama Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen gepleşik geçirdi.

Ak Tamda Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso bilen geçirilen duşuşykda, esasan, ýewrozonanyň maliýe krizisi üns merkezinde boldy.

Gepleşiklerden soň, Obama krizisden çykmak üçin Amerikanyň “öz paýyna düşýän çäreleri” amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Resmi beýanata görä, taraplar “ykdysady ösüşi üpjün etmek, iş ýerlerini döretmek we maliýe durnuklylygyny döretmek” boýunça bilelikde işleşmäge borçlanypdyrlar.

Gepleşikleriň dowamynda Eýranyň dawaly ýadro programmasy hem maslahat edilipdir.
XS
SM
MD
LG