Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda Türkmenistanyň medeni günleri geçirilýär


Bredli MkWaýr: “Amekalylarda türkmenleriň medeniýeti barada maglumat köp däl. Bu çäräniň dowamynda, esasan, türkmenleriň gadymy taryhy hem-de olaryň el hünärleri, türkmen halylarynyň dokalyşy barada gürrüň ediler”.
Bredli MkWaýr: “Amekalylarda türkmenleriň medeniýeti barada maglumat köp däl. Bu çäräniň dowamynda, esasan, türkmenleriň gadymy taryhy hem-de olaryň el hünärleri, türkmen halylarynyň dokalyşy barada gürrüň ediler”.

28-nji noýabrda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda türkmenleriň medeniýetine bagyşlanan simpozium bilen başlanan Türkmenistanyň medeni günleriniň paýtagtyň dürli edaralarynda tutuş hepde dowam etjekdigi aýdylýar.


Amerikan Kongresiniň kitaphanasynda geçirilen çärede eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Sýuzan Elliott: “Medeniýet bizi ynsan hökmünde kesgitleýär hem umumy maksatlar, idealar we bähbitler bilen birikdirýar” diýdi.

Dünýäniň beýleki ýurtlarynyň medeniýetine bagyşlanan şeýle medeni çäreler Waşingtonda ýygy-ýygydan geçirilýär. Emma Türkmenistan bilen baglanyşykly şeýle çäre ABŞ-nyň paýtagtynda ilkinji gezek gurnalýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän bu medeni günleriň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalandygy habar berilýär. Waşingtonda geçirilýän bu çärelere düýbi ABŞ-da ýerleşýän we nebit ugrunda iş alyp barýan “Şewron” kompaniýasynyň maliýe taýdan goldaw berýänligi aýdylýar.

“Uly ähmiýete eýe”

Maglumata görä, Waşingtonda dowam edýän şol dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistandan aýdymçylardan, sazandalardan we sungat ussatlaryndan ybarat uly topar Waşingtona barypdyr.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça wekili Bredli MkWaýr 22-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna beren interwýusynda bu çäreleriň amerikalylary Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

“Amekalylarda türkmenleriň medeniýeti barada maglumat köp däl. Şonuň üçin bu çäräniň dowamynda, esasan, türkmenleriň gadymy taryhy hem-de olaryň el hünärleri, türkmen halylarynyň dokalyşy barada gürrüň ediler. Mundan başga-da, zergärçilik işleri görkeziler. Şeýle hem, Türkmenistanda tapylan arheologik ýadygärlikler barada gürrüň ediler” diýip, Bredli MkWaýr belledi.

Türkmen ýazyjylary-da Waşingtonda

Waşingtonda dowam edýän Türkmenistanyň medeni günleri baradaky resmi maglumatlarda 28-nji noýabrda Kongresiň kitaphanasynda geçirilen simpoziumda türkmenistanly ýazyjylaryňdyr alymlaryň çykyş edendikleri habar berilýär.

Çykyş edenleriň hatarynda "Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk" atly we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlanan kitabyň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ady agzalýar.

Kongresiň kitaphanasynda geçirilen bu dabaralaryň çäginde 28-nji noýabrda giçlik türkmen aýdym-saz toparynyň gatnaşmagynda konsert hem gurnalypdyr.

“Türkmenistanyň medeni günleri” atly bu çäreler 29-njy noýabrda Waşingtondaky Smitsonian institutynda Türkmenistanyň taryhy eserlerine bagyşlanan ýörite sergi bilen dowam edýär.
XS
SM
MD
LG