Sepleriň elýeterliligi

Tähranda studentler britan ilçihanasyna hüjüm etdiler


Tährandaky britan ilçihanasyna hüjüm eden ýaşlar ilçihananyň binasyndan Beýik Britaniýanyň gerbini goparyp aýyrdylar. Tähran, 29-njy noýabr, 2011.

Tährandaky britan ilçihanasyna hüjüm eden ýaşlar ilçihananyň binasyndan Beýik Britaniýanyň gerbini goparyp aýyrdylar. Tähran, 29-njy noýabr, 2011.

Sişenbe güni radikal eýran studentleriniň bir topary Tährandaky britan ilçihanasynyň jaýyna kürsäp girdiler we binanyň aýnalaryny döwdüler hem britan baýdagyny ýakdylar.

Bu waka Beýik Britaniýanyň ýakynda Eýrana garşy sanksiýa girizmegi bilen bagly geçirilýän protest aksiýalarynyň gidişinde ýüze çykdy.

Ilçihananyň daşyna ýygnanan ýüzlerçe beýleki demonstrasiýaçylar «Beýik Britaniýa ölüm!» diýip gygyryşdylar we iňlis ilçisiniň eglenmezden ýurdy terk etmegini talap etdiler.

Wideo: Eýranyň "PressTV" telekanaly ilçihana edilen hüjümi göni efirde görkezdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi şu gün ilçihana garşy daş böleklerini zyňýan adamlary görkezdi. Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, jemgyýetçilik düzgünini goraýan polisiýa protestçileri tertibe salmaga synanyşypdyr.

Soňky gowşan maglumatda Eýran paýtagtynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Britaniýanyň ikinji bir diplomatik edarasyna-da 100 töweregi adamyň hüjüm edendigi habar berilýär.

Eýrana garşy girizilen täze britan sanksiýalaryna jogap hökmünde Eýranyň häkimiýetleriniň iki hepdäniň dowamynda britan ilçisini bu ýurtdan çykarmak kararyna gelenlerinden bir gün soň Tähranda protest aksiýalary başlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG