Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýadaky saýlawlary sud güýçsüz diýip yglan etdi


Şu gün Günorta Osetiýanyň ýokary sudy şu geşen ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesini güýçsüz diýip yglan etdi.

Suduň bu kararyna protest bildirip, oppozisiýadan prezidentlige dalaşgär Alla Jiýoýewanyň tarapdarlary ýöriş hem miting geçirdiler.

Olar Jiýoýewanyň ýeňiş gazanandygyny aýdyp, dolandyryjy “Birlik” partiýasyndan kandidat Anatoliý Bibilowy ýeňlişini boýun almaga şagyrdylar.

Günorta Osetiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatyna görä, Jiýoýewa Bibilowdan bary-ýogy 16 ses artyk alypdyr.
XS
SM
MD
LG