Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Bonnda boljak konferensiýany boýkot etdi


Ýakynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde Pakistanyň 24 sany harbysynyň ölmegine protest hökmünde Pakistan Germaniýanyň Bonn şäherinde Owganystan meselesine bagyşlanyp geçiriljek konferensiýa gatnaşmajakdygyny yglan etdi.

Yslamabat bu hüjümiň Pakistanyň özbaşdaklygyna we Owganystandaky halkara güýçleriň mandatyna zeper ýetirendigini aýdýar.

Geçen şenbe güni NATO-nyň amala aşyran bu uly ýitgili hüjümine jogap edip, Pakistanyň häkimiýetleri NATO-nyň Owganystandaky halkara güýçlerine ýük daşalýan ýollary ýapdy.

Owganystan boýunşa halkara konferensiýa Germaniýanyň Bonn şäherinde 5-nji dekabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG