Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýa bilen serhedinde aralyk gorag zolagyny döretmekçi


Şu gün Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Siriýadan bosgunlaryň köpşülikleýin bosup gelmek ähtimallygyny göz öňünde tutup, Türkiýäniň Siriýa bilen öz serhet ýakasynda aralyk gorag zolagyny döretmeginiň mümkindigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu mesele halkara jemgyýetçiligi bilen maslahatlaşylyp, bilelikde çözüler.

Düýn ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň häkimiýetleriniň demonstrasiýalary gazaply basyp ýatyrmaklaryna jogap hökmünde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini bu ýurduň režimine garşy berk çäreleri görmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG