Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýaly Brewik akyly ýerinde däl adam diýlip bilindi


Norwegiýanyň psihiatriýa barlaglary şu ýylyň 22-nji iýulynda Osloda we Utoýa adasyndaky ýaşlar lagerinde köpçülikleýin adam öldürmekde aýyplanýan Anders Breýwik akyly ýerinde däl adam diýip netije çykardy.

Breýwikiň amala aşyran hüjümlerinde 77 adam ölüp, 150 adam ýaralanypdy.

Terror hüjümleriniň yzy bilen tussag edilenden soň, Anders Breýwikiň özi Norwegiýany we Ýewropany liberalizmden hem-de köp medeniýetlilikden halas etmek üçin “köp adamy gyrmagyň zerurlyk bolandygyny” aýdypdy.

Anders Breýwikiň saglygyny barlan iki psihiatr lukman öz hasabatlarynda onuň terror hüjümlerini amala aşyran wagty “paranoid şizefreniýadan ejir çekýän Breýwikiň başga bir dünýäde bolandygyny we şonuň esasynda hereket edendigini” belläpdirler.

Psihiatrlaryň bu karary Breýwikiň türmä däl-de, ruhy hassahana ugradyljakdygyny aňladýar diýip, Norwegiýanyň prokuraturasynyň wekili belledi.
XS
SM
MD
LG