Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow BAE-niň baş diplomaty bilen duşuşdy


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi.

Aşgabatda geçirilen bu gepleşikleriň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Türkmenistanyň möhüm strategik partnýorlarynyň biridigini belläp geçdi.

Gepleşikleriň soňunda Şeýh Abdylla bin Zaýed al-Nahaýýan Türkmenistanyň prezidentini BAE-ne sapar etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG