Sepleriň elýeterliligi

Islandiýada Palestina boýunça ses berilşik geçirildi


Sişenbe güni Islandiýanyň parlamenti Palestinanyň territoriýalaryny garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmek barada ses berilşik geçirdi. Ses berilşigiň netijelerine görä, 63 orunlyk parlamentiň 38 agzasy bu teklibi goldady, 13-si ses bermekden saklandy, 12 deputat ses berişlikde ýokdy, garşy çykan bolmady.

Geçirilen bu ses berilşlik Islandiýanyň Palestinany, onuň 1968-nji ýyldaky alty günlük uruşdan ozalky serhet araçäklerine laýyklykda, garaşsyz döwlet diýip ykrar edýändigini aňladýar.

Islandiýanyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, Islandiýa günbatar ýewropa ýurtlarynyň arasynda Palestitnanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet bolupdyr.

23-nji sentýabrda Palestina Awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin BMG-ä arza beripdi.
XS
SM
MD
LG