Sepleriň elýeterliligi

Prezident Nazarbaýewe “Halk Gahrymany”diýen at berler


Sişenbe güni Gazagystanyň hökümeti ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli prezident Nursoltan Nazarbaýewe “Halk Gahrymany” diýen at bermek baradaky karary kabul etdi.

Ýurduň adalat ministri Raşit Tusupbekow bu baradaky teklibi hödürländen soň, hökümet agzalary dessine we açyk ses berip, muny goldadylar.

Premýer-ministr Karim Masimow “ses berişligiň” yzýany ähli degişli dokumentlere gol goýup, “bu meniň tutuş ömrümde gol çeken iň möhüm resminamam boldy” diýdi.

Gazagystan özüniň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini 16-njy dekabrda belleýär.
XS
SM
MD
LG