Sepleriň elýeterliligi

Maýkl Jeksonyň ozalky lukmanyna dört ýyl tussaglyk berildi


Sişenbe güni amerikaly belli aýdymçy Maýkl Jeksonyň ozalky lukmany Konrad Murreý dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Konrad Murreý 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda ukusyzlykdan ejir çekýan Maýkl Jeksona aşa köp uky dermanyny berendigi üçin günäli tapyldy.

Derňewiň maglumatyna görä, derman berlen wagty göz öňünde tutulmaly howpsuzlyk çäreleri hem berjaý edilmändir. Netijede, Jekson 50 ýaşynda aradan çykdy.

Suduň hökümi çykarylandan soň, Maýkl Jeksonyň ejesi Katerin şeýle diýdi: "Dört ýyl meniň oglumy yzyna gaýtaryp bermez. Ýöne, bu kanun. Sudýa oňa berlip bolýan iň ýokary ýyly kesdi. Şonuň üçin men sudýa we sülçilere sagbolsun aýdýaryn”
XS
SM
MD
LG