Sepleriň elýeterliligi

Britan ilçihanasyna edilen hüjümiň “ýaňy”


"Bu topar öz ýaýradan maglumatynda 'eýranlylar hiç bir ýagdaýda kemsidelmäge kaýyl bolup bilmez. Olar ganly ölümi dirilikde kemsidilmä sezewar edilmekden ileri tutýarlar' diýlip nygtalypdyr".

"Bu topar öz ýaýradan maglumatynda 'eýranlylar hiç bir ýagdaýda kemsidelmäge kaýyl bolup bilmez. Olar ganly ölümi dirilikde kemsidilmä sezewar edilmekden ileri tutýarlar' diýlip nygtalypdyr".

Sişenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda protestçi ýaşlaryň bir topary Britaniýanyň ilçihanasyna hem-de onuň bir diplomatik merkezine kürsäp girip, bulagaýçylyk döretdiler. Bu waka halkara derejesinde ýiti reaksiýalary döretdi.


Eýranyň jedelli ýadro programmasy sebäpli Britaniýanyň golaýda girizen berk sanksiýalaryna gahar-gazap bildiren protestçiler "Britaniýa ölüm!”, “Üç terroristik döwlete: Amerika, Ysraýyla we Angliýa ölüm!" diýip gygyryşdylar.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bu hüjümi "rehimsiz we aklap bolmajak iş" diýip häsiýetlendirdi. Şeýle hem ol, halkara hukugyna laýyklykda, Eýranyň britan ilçihanasyny goramanlygy sebäpli, bu wakanyň "çynlakaý netijeleriniň" boljakdygyny duýdurdy.

Halkara reaksiýalary

Birleşen Milletler Guramasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi hem hüjümi ýazgaryp, Eýrany daşary ýurtlaryň wekilhanalaryny goramak baradaky borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdylar.

Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň 15 agzaly Howpsyzlyk Geňeşi hem Eýranyň häkimiýetlerini diplomatlary we diplomatik binalary goramak üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.

Waşingtonda Ak Tamyň metbugat sekretary Jeý Karneý žurnalistlere beren interwýusynda şeýle diýdi: "Her bir ýurduň edişi ýaly, Eýran özündäki diplomatik wekilhanalary we olardaky işgärleri goramaga boçly. Men ýene bir zady bellemek isleýärin: Eýran diplomatlary goramaga jogapkär - ýeke bir goramagam däl, eýsem olary öldürmäge-de synanyşmaly däl. Biz şeýle mesele bilenem yüzbe-ýüz bolupdyk, ondan bäri heniz köp wagt geçenok".

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton hem Eýrany daşary ýurtlaryň missiýalaryny goramak barada öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Aştonyň sözçüsi Mihael Man Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Ähli beýleki hökümetleriňki ýaly, Eýranyň hökümetiniň hem üstüne alan borçnamalary bar. Mysal üçin, Wena konwensiýasy ýörite diplomatlary we ilçihanalary goramak baradaky borçlary öz içine alýar" diýdi.

Birnäçe sagada çeken hüjümiň barşynda Eýranyň Daşary işler ministrligi beýannama ýaýradyp, "birnäçe protestçiniň amala aşyran kabul ederliksiz işlerine özüniň gynanýandygny" we “çet ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň eldegrilmesizdigini hormatlýandygyny” nygtady.

Beýannamada, şeýle hem, bu wakanyň derňelip, bu işe jogapkärleriň garşysyna gerekli çäreleriň görüljekdigi aýdylýar.

Hüjüme näme sebäp boldy?

Bu wakanyň yzy bilen özlerini ýokary dini ruhanynyň yzyna eýerýän musulman-studentler diýip atlandyrýan bir topar bu hüjümi özleriniň gurnandyklaryny aýdyp, maglumat ýaýratdylar.

Bu topar öz ýaýradan maglumatynda "eýranlylar hiç bir ýagdaýda kemsidelmäge kaýyl bolup bilmez. Olar ganly ölümi dirilikde kemsidilmä sezewar edilmekden ileri tutýarlar" diýlip nygtalypdyr.

Britaniýanyň Eýran bilen öz maliýe sektoryndaky gatnaşygyny kesmek barada girizen täze sanksiýalaryna jogap hökmünde geçen hepde Eýranyň parlamenti ýörite kanun kabul edip, Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny örän çäklendirmeli edipdi.

Beýik Britaniýa, Birleşen Ştatlar we Kanada ýakynda Birleşen Milletler Guramasnyň Atom energiýasy boýunça agentliginiň Eýranyň ýadro programmasy barada çykaran soňky hasabatyndaky maglumatlara salgylanyp, Eýrana garşy birgiden sanksiýalary girizdiler. Bu hasabatda bellenilişine görä, Eýranyň ýadro programmasy 2003-nji ýylda-da ýarag önümini öz içine alypdyr.

Täze sanksiýalara Ýewropa Bileleşegi hem goşuljaga meňzeýär. Ýewropa Bileleşeginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Aştonyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, Bileleşigiň daşary işler ministrleriniň penşenbe güni geçirjek maslahatynda bank hasaplary doňdurylan we wiza gadagan edilen eýranlylaryň hem-de Eýrana degişli kompaniýlaryň sanawyna ýene ençeme adyň goşulmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG