Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewe “Halk gahrymany” ady beriljek


Žasaral Kuanyşalin: “Nazarbaýew Gazagystanyň garaşsyz bolmagyna garşy çykan adam. Sebäbi ol Sowet Soýuzy saklanyp galsa, özüniň premýer-ministrlik wezipesini aljagyna umyt edýärdi”.

Žasaral Kuanyşalin: “Nazarbaýew Gazagystanyň garaşsyz bolmagyna garşy çykan adam. Sebäbi ol Sowet Soýuzy saklanyp galsa, özüniň premýer-ministrlik wezipesini aljagyna umyt edýärdi”.

Sişenbe güni Gazagystanyň hökümeti ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe “Halk gahrymany” diýen adyň berilmegi barada karar kabul edip, ony senatyň garamagyna hödürledi.


Gazak hökümetiniň agzalary Gazagystanyň “Döwlet baýraklary” baradaky kanunyna üýtgetme girizip, ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe “Halk gahrymany” diýen ady bermek baradaky teklibi biragyzdan goldadylar.

Bu baradaky karara gol çekmek bilen, ýurduň premýer-ministri Karim Masimow öz ömründäki iň möhüm dokumente gol çekýändigini aýtdy. Bu dokument indi ýurduň senatynda tassyklanmaly.

Meselaniň düşnüksiz taraplary

Gazak parlamentiniň öňki deputaty, häzir ýurduň oppozisiýa liderlerinden biri Žasaral Kuanyşalin Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp, prezident Nazarbaýewe “Halk gahrymany” diýen ady bermek baradaky bu karara özüniň düşünmeýändigini aýdýar.

Prezident Nazarbaýewiň Almaty şaherinde gurlan ýadygärligi.

Prezident Nazarbaýewiň Almaty şaherinde gurlan ýadygärligi.

Onuň sözlerine görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyna ilkinji bolup garşy çykanlardan biri hut Nazarbaýew: “Bu hiç bir akyla sygmaýan zat. Sebäbi Nazarbaýew Gazagystanyň garaşsyz bolmagyna garşy çykan adam. Sowet Soýuzynyň düzümindäki respublikalar 1991-nji ýylyň ýazyndan başlap özbaşdaklyklaryny yglan eden döwründe, Nazarbaýew, tä hemme döwletler garaşsyz bolýançalar, garaşdy. Sebäbi ol Sowet Soýuzy saklanyp galsa, özüniň premýer-ministrlik wezipesini aljagyna umyt edýärdi”.

Gazak senatynyň öňki deputaty, häzir hökümete degişli däl “Gazagystanda parlamentarizmi ösdürmek” baradaky fonduň ýolbaşçysy Žaureş Batalowa Nursoltan Nazarbaýewe “Halk gahrymany” adynyň berilmegi onuň ýakyn geljekde häkimiýet başyndan gitjekdigini aňladyp biler diýen pikiri öňe sürdi.

Zaureş Batalowa bu baradaky pikirini şeýle delillendirýär: “Nazarbaýewi öň-ä Nobel baýragyna hödürlediler, indem ony ‘Halk gahrymany’ etjek bolýarlar. Ýagny, onuň öň alyp bilmedik baýraklarynyň hemmesini oňa bermäge synanyşýarlar. Bu zatlar onuň häkimiýet başyndaky möhletiniň soňlanýandygyna şaýatlyk edýär. Men özüm-ä Nazarbaýewe ‘Halk gahrymany’ adyny bermezdim”.

“Halkyň özi çözmeli”

Zaureş Batalowa haýsydyr bir şahsyýete “Halk gahrymany” diýen ady bermelimi ýa bermeli däldigi baradaky meseläni hökümet däl-de, halkyň özi çözmeli diýip hasap edýär.

Şu ýylyň noýabr aýynda Gazagystanyň aýallar guramalarynyň ýolbaşçylary prezident Nursoltan Nazarbaýewe “Halk gahrymany” adyny dakmak teklibini öňe sürdüler. Telekeçi zenanlar hem gazak intelligensiýasynyň aýal wekilleri Nazarbaýewiň Gazagystanyň ösmegine goşan aýratyn goşandy üçin, bitiren işleri üçin özleriniň şeýle teklibi öňe sürýändiklerini düşündirdiler.

Mundan öň Gazagystanyň ilkinji kosmonawty Tohtar Aubakirow, ýurduň at gazanan artisti Roza Baglanowa ýaly meşhur şahsyýetler Gazagystanyň “Halk gahrymany” adyna mynasyp bolupdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG