Sepleriň elýeterliligi

Minskdäki partlamada aýyplanýanlar ölüm jezasyna höküm edildi


Çarşenbe güni Belarusyň Ýokary sudy şu ýylyň aprel aýynda Minskiň metrosyndaky hüjümi gurnanlykda aýyplanýan 25 ýaşly Dmitriý Konowalowy we Wladislaw Kowalýowy ölüm jezasyna höküm etdi.

Belarusyň hukuk goraýjy aktiwistleri Konowalowyň hem Kowalýowyň günäleriniň subut edilmändigini aýdyp, goşmaça derňewiň geçirilmegini talap edýärler.

Şu ýylyň aprel aýynda “Oktýabrskaýa” metrostansiýasynda gurnalan partlamada 15 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralanypdy. Şonda bir türkmen studenti hem aýagyndan ýaralanyp, keselhana düşüpdi.

Häzirlikçe ýewropa ýurtlarynyň arasynda diňe Belarusda ölüm jezasy ulanylýar.
XS
SM
MD
LG