Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýa garşy sanksiýalary girizjekdigini yglan etdi


Çarşenbe güni Siriýa garşy ykdysady sanksiýalary girizjekdigini yglan eden Türkiýe bu sanksiýalaryň çäginde Siriýa bilen hemme maliýe dolanyşyklaryny doňdurmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem, maglumata görä, Siriýa hökümetiniň Türkiýedäki hemme emläkleri doňdurylar. Türkiýäniň göz öňünde tutýan sanksiýasyna görä, Damaskyň harby maksatlar üçin ulanyp biläýjek harytlary, ýaraglary Siriýa satmak gadagan edilýär.

Bu sanksiýalary yglan eden Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Siriýada dowam edýän repressiýalar sebäpli, resmi Ankaranyň prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň häkimiýet başynda bolmagyny kanuny däl diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Ýakynda, 27-nji noýabrda Arap Ligasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri-de Siriýa garşy sanksiýalary girizmek boýunça ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG