Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýatyrýar


Çarşenbe güni Britaniýa özüniň Eýrandaky ilçihanasyny ýapýandygyny hem Eýranyň Britaniýadaky ilçihanasynyň ýapylýandygyny yglan etdi.

Bu barada çykyş eden Britaniýanyň daşary işler ministri Willýam Heýg hemme eýranly diplomatlaryň 48 sagadyň dowamynda Britaniýany terk etmelidiklerini aýtdy.

Sişenbe güni radikal eýran studentleriniň bir topary Tährandaky britan ilçihanasynyň jaýyna kürsäp girdiler. Olar binanyň aýnalaryny döwdüler we britan baýdagyny ýakdylar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Britaniýanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen bu hüjümi ýyti ýazgardy. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem bu hüjümi gurnanlary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG