Sepleriň elýeterliligi

Belli gara körsyçanyň keşbini döreden multiplikator ýogaldy


Çarşenbe güni Çehiýada dünýä belli gara körsyçanyň keşbini döreden hudožnik-multiplikator Zdenek Miller 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň döreden körsyçanynyň keşbi esasynda düşürilen multfilmler tapgyry ýarym asyra golaý wagt tomaşa edilipdi.

Gara körsyçan baradaky ilkinji multfilm 1957-nji ýylda Çehoslowakiýada çykypdy. Mundan söň, mutltfilm dünýä meşhurlygyna eýe bolupdy.

Maglumata görä, bu multfilm entegem dünýäniň 80 töweregi ýurdunda tomaşa edilýär. Gara körsyçanyň keşbi çagalar üçin niýetlenen enjamlarda, mekdep esbaplarynda hem henize çenli şekillendirilip gelinýär.
XS
SM
MD
LG