Sepleriň elýeterliligi

TI: Türkmenistan iň korrumpirlenen döwletleriň arasynda


Şu ýyl dünýä boýunça syýasy we jemgyýetçilik pudaklarynda korrupsiýanyň derejesi has artyp, bu görlüp-eşidilmedik gerimde protestleriň döremegine-de itergi beripdir. Bu barada çarşenbe güni halkara “Transparency International” guramasynyň korrupsiý barada täze ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda dünýäniň 182 ýurdundaky korrupsiýanyň derejesi öwrenilip, şu ýyl parahorlugyň ýagdaýynyň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende gowulaşmandygy nygtalýar. Hasabata görä, şu ýyl sanawyň iň aşagynda Merkezi Aziýa döwletleri we Owganystan ýaly ýurtlar ýerleşýär.

Hasabatda korrupsiýanyň derejesi boýunça Türkmenistan bilen Özbegistan bilelikde 177-nji, Gyrgyzystan 164-nji, Täjigistan 152-nji, Gazagystan bolsa 120-nji orunda ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG