Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisiň ozalky liderine ýene-de gaýybana ýyl kesildi


Çarşenbe güni Tunisde ýurduň ozalky prezidenti Zine Abidine Ben Ali harby tribunal tarapyndan gaýybana bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Ben Ali armiýa ofiserlerini gynamalara sezewar etmekde günäli tapylypdyr.

Ben Ali graždan sudy tarapyndan hem häzire çenli gaýybana üç gezek türme tussaglygyna höküm edilipdi. Bularyň netijesinde, Ben Ali gözenegiň aňyrsynda azyndan 60 ýyl oturmaly bolar.

Ben Ali Tunisde ýüz beren halk tolgunyşyklary netijesinde, ýanwar aýynda Saud Arabystanyna gaçyp barypdy. Oňa Tunisiň graždan we harby sudlary tarapyndan 100-e golaý jenaýat aýyplamasy ýöňkelýär.
XS
SM
MD
LG