Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Los-Anželesdäki protestlerde 200 adam tussag edildi


Çarşenbe güni Amerikanyň Los-Anželes şäherinde müňe golaý polisiýa işgäri «Uoll Striti basyp al» hereketiniň protestçilerini dargatdy.

Protestçiler şäher edarasynyň binasynyň golaýyndaky parkda ýygnanypdy. Parky terk etmekden boýun gaçyran 200-e golaý protestçti tussag edildi.

Şuňa meňzeş çäreler Filodelfiýa şäherinde hem ýüz berdi. Ol ýerde 50-ä ýakyn adam tussag astyna alyndy.

Resmileriň sözlerine görä, protest lagerleri adamlaryň saglygy üçin howply, şeýle-de ol ýerli biznese zyýan ýetirip başlpadyr.
XS
SM
MD
LG