Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Resmi metbugat bu gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň ýagdaýy we perspektiwalary boýunça pikir alşylandygyny habar berýär.

Maglumata görä, duşuşygyň dowamynda garalan meseleleriň biri-de geljek ýylyň fewralynda Türkmenistanda geçirilmeli nobatdaky prezidentlik saýlawlary bilen bagly bolupdyr.

Robert Bleýk bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň “Türkmenistanyň demokratiýa, syýasy we sosýal-ykdysady pudaklarynda amala aşyran reformalarynda gazanylan üstünlikleri äşgär etmegi üçin gowy mümkinçilik boljakdygyny” hem belläpdir.
XS
SM
MD
LG