Sepleriň elýeterliligi

Belarus türkmen ýaşlaryny özüne çekýär


Belarusyň "Maksim Tank" adyndaky Döwlet pedagogiki uniwersiteti. Iýul, 2008.

Belarusyň "Maksim Tank" adyndaky Döwlet pedagogiki uniwersiteti. Iýul, 2008.

Belarusyň Bilim ministrliginiň şu ýyl boýunça ýaýradan statiskasyndan çen tutulsa, bu ýurda Türkmenistandan baryp, bilim alýanlaryň sany 15 müňden sähel azrak. Belarusda bilim alýan daşary ýurtlularyň umumy sany 35 muň 340 adam. Eýsem, Belarusyň türkmen ýaşlarynyň iň köp barýan ýurtlarynyň biri bolmagynyň sebäpleri nämede bolup biler? Şu mesele barada Azatlyk Radiosy Belarusyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň öňki mugallymy Serdar bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Belarus türkmenistanly ýaşlaryň okuwa iň kop barýan ýurtlarynyň biri. Muňa näme sebap bolýar?

Serdar: Birinjiden, Belarus asuda ýurt hasap edilýär. Hakykatdanam, Belarus asuda bir ýurt, bu ýerde kän bir goh-galmagal ýok. Ikinjiden, Belarusda bilimiň derejesi postsowet döwletleriniň arasynda ýokary derejede durýar.

Bellemeli ýene bir zat, meniň pikirimçe, döwlet syýasaty. Belarusyň prezidenti Lukaşenko ençeme gezek Türkmenistana bardy, şertnamalary baglaşdy. Türkmenistanyň prezidenti hem Belarusa geldi. Ýurduň wise-pemýerleri wagtal-wagtal gelip-gidip durýar. Döwlet aragatnaşygy oňat.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Belarus bilen döwlet gatnaşyklaryny agzadyňyz. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan bu gatnaşyklara näme sebäpden gyzyklanma bildirýär?

Serdar: Sebäbi döwlet tarapyndan iki ýurduň arasynda uly işler geçirilýär. Belarusyň “Belaruskaliý” diýen kompaniýasy Türkmenistanyň Lebap welaýatynda iş geçirip ýör. Elbetde, şol guruljak obýektlere işgärler gerek, inženerler gerek, şolary Belarus taýýarlaýar.

Geljekki açyljak zawod-fabriklere gerek bolan spesialistler Belarusda taýýarlanylýar, döwlet tarapyndan. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen ýolbaşçysynyň-da muňa islegi bar diýip pikir edýärin. Türkmenstanyň prezidenti Belarusy, onuň syýasatyny we gurluşyny halaýan bolmaly. Öz ýurdunyň hem şol ýoldan gitmegini isleýän bolmagy ähmal diýip düşünýärin.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurt studentleriniň, şol sanda türkmenistanly studentleriň sanynyň köpelmegi Belarus üçin näderejede bähbitli?

Serdar: Bu sowala bir jogap bar - pul. Bu ykdysady tarapdan Belarusa uly girdeji berýär. Belarus munuň üsti bilen gazanç edýär. Türkmenistandan gelýän studentleriň her biri ýylyň dowamynda azyndan 2 müň dollar sarp edende-de, 15 muňe golaý adam okaýan bolsa, näçe pul girdeji gelýär Belarusa? Elbetde, bu ykdysady taýdan Belarus üçin bähbitli.

Azatlyk Radiosy: Belarusda okaýan türkmenistanlylaryň, ortaça hasap bilen aýdylanda, näçerägi döwletiň hasabyna we naçesi öz hasabyna okaýanlar?

Serdar: Meniň tanaýanlarymyň esasy bölegi öz hasabyna gelip okaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Belarusda okaýan studentleriň ýaşaýyş şertleri we bilim almak üçin şertleri nähili?

Serdar: Ene-atalar çagalaryny bärik iberende, özleriniň muňa ýagdaýynyň ýetip-ýetmejegini öňünden pikirlenmeli. Belarusyň ýokary okuw jaýlaryndaky ýagdaý oňat, sebäbi gaty köp täze umumy ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Elbetde, studentlere umumy ýaşaýyş jaý bermeýän okuw jaýlaram bar. Studentler kwartiralarda ýaşaýarlar. Ýöne, döwlet tarapyndan gelýänleriň okuw tölegleribi we stipendiýalaryny döwletiň özi töleýär. Türkmenistan tarapyndan üpjünçilik oňat.

Azatlyk Radiosy: Ýene bir sowal, meselem, bir studentiň ýylyň dowamynda Belarusda okamagy we ýaşamagy, takmynan, näçeräk pula durýar?

Serdar: Belarusda ýaşamak üçin, aýyna, takmynan, 150-200 dollar gerek.

Azatlyk Radiosy: Okuwyň bahasy näçe, ortaça hasapdan?

Serdar: Okuwyň bahasy 2000-5000 dollar aralygynda. Okuw jaýy merkezde ýerleşýärmi, welaýatda yerleşýärmi, haýsy ugurdan bilim berýär – şoňa-da bagly bu mesele.

Azatlyk Radiosy: Belarusdaky okuw tölegleriniň we ýaşaýyş çykdajylarynyň, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, onçakly ýokary bolmazlygynyň bu ýurtda okaýan türkmenistanlylaryň sanynyň soňky ýyllarda köpelmegine täsiri barmy?

Serdar: Bu ýerde okuw arzan diýip bolmaz. Okuwyň arzan ýeri Orta Aziýanyň ýokary okuw jaýlary. Sebäbi ol ýerde okuw 300-500 dollar diýýärler. Bärde, elbetde, onuň ýaly okuw ýok. Bärde gymmat, ýöne bilim aljak bolsaň, hakykatdanam bilimiň bar ýerine gidip okamaly. Belarusda şeýle mümkinçilik bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG