Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Eýranyň ähli diplomatlaryny kowýar


Eýranyň Londondaky ilçihanasynyň binasy. 30-njy noýabr, 2011.
Eýranyň Londondaky ilçihanasynyň binasy. 30-njy noýabr, 2011.

Britaniýa çarşenbe güni eýranly diplomatlaryň ählisini ýurtdan çykarmak barada perman çykardy. Ol, şeýle hem, Eýrana Londonky ilçihanasyny ýapmagy üçin 48 sagat möhlet berdi.


Britan hökümetiniň bu göçümine sebäp bolan zat sişenbe güni Tähranda konserwatiw yslamçy studentleriň Britaniýanyň ilçihanasyna kürsäp girip, ol ýerde bulaýgaýlyk döredenligi.

Eýranyň häkimiýetleri resmi rugsat berlen demonstrasiýanyň barşynda, garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykan hüjümi “kabul ederliksiz iş” diýip atlandyryp, özleriniň muňa gynanýandyklaryny mälim etdiler.

Britaniýa Eýrana ynananok

Eýran hökümeti bu demonstrasiýa bilen özüniň hiç bir ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar. Ýöne parlamentiň başlygy Ali Larijaniniň çarşenbe güni aýtmagyna görä, hüjümçileriň gahar-gazaby Britaniýanyň onlarça ýyl bäri agalyga ymtylýandygynyň netijesi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Willýam Heýg çarşenbe güni parlamentde eden çykyşynda Eýranyň häkimiýetleriniň hüjümde eliniň ýokdugyna özüniň ynanmaýandygyny bildirdi.

“Gatnaşyklarda bar bolan hiç bir kynçylyk islendik bir ýol bilen ýa islendik bir ýagdaýda diplomatik işgärleri ýa-da diplomatik binalary goramaga bolan başarnyksyzlygy aklap bilmez. Eýran oppozision liderleriň öý tussaglygynda saklanýan ýurdy. Ol şu ýyl 500-den gowrak adama ölüm jesasy berlen ýurt, hakyky protestleriň basylyp ýatyrylýan ýurt. Onsoň, Eýranyň häkimiýetleriniň biziň ilçihanamyzy gorap bilmedikleri ýa-da hüjümiň belli bir derejä çenli režimden rugsatsyz bolandygy baradaky gürrüňleri boş gürrüňler" diýip Heýg nygtady.

Şeýle hem, Britaniýanyň daşary işler ministri öz ýurdunyň Tährandaky ilçihanasynyň ýapylyp, howpsuzlyk çärelerini üpjün etmek maksady bilen, britaniýaly diplomatlaryň Eýrandan çykarylandygyny habar berdi.

Heýgiň bildirmegine görä, sişenbe günki zorluga britan hökümetiniň berk jogap berendigine garamazdan, London Eýranyň atom programmasy barada bar bolan aladalar boýunça diskussiýada bolmak üçin Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny saklamakçy.

“Bu wakalar diplomatik gatanşyklaryň bütinleý kesilmegini aňladanok. Bu iş biziň Eýran bilen gatnaşyklarymyzy kesmän, olary iň pes derejesine ýetirýär” diýip, Willýam Heýg belledi.

Reaksiýalar birmeňzeş däl

Britan ilçihanasyna edilen hüjüm barada eýranlylaryň arasynda gapma-gaşylykly garaýyşlar bara meňzeýär.

Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyna jaň eden bir eýranly şeýle diýdi: “Men britan ilçihanasyna edilen hüjüm bilen baglylykda Yspyhandan jaň edýärin. Iňlisleriň başyna näme gelse, bu olaryň almyty. Sebäbi dünýädäki ähli betbagtçylyk şolaryň günäsi”.

Radio jaň eden eýranly raýatlardan ýene biri: “Jenap Hameneýi, siziň eden her bir işiňiz studentlere, uniwersitetlere betbagtçylyk getirdi. Ýöne haýyş edýärin, studentleriň abraýyny garalamaň. Ilçihana hüjüm edenler siziň öz agentleriňiz, muny hemmeler bilýär. Haýyş edýärin, bu işi etmäň” diýip ýüzlendi.

Bu wakalaryň fonunda Fransiýa bilen Germaniýanyň öz Tährandaky içilerini pikir alyşmak üçin wagtlaýynça yzyna çagyrandyklary habar berildi.

Waşingtonda bolsa Döwlet departmentiniň metbugat wekili Mark Toneriň aýtmagyna görä, halkara derejesinde bolýan reaksiýalar Eýranyň barha üzňelige düşýändigini görkezýär.

“Beýik Britaniýa ilçihanasynyň işgärlerini Eýrandan çykardy. Germaniýa ilçisini yzyna çagyrdy. Hytaý hem düýn Tähranda bu işi ‘kabul ederliksiz’ diýip häsiýetlerndirdi. Şeýlelikde, görşüňiz ýaly, bu iş halkara derejesinde hem ýazgarylýar hem-de dünýäniň dürli döwletleri tarapyndan köp aladalar edilýär. Bu Eýranyň ýene üzňelige düşýändigini görkezýär” diýip, Mark Toner belledi.
XS
SM
MD
LG