Sepleriň elýeterliligi

Hailewiç: “Türkmenistan AIDS meselesinde ýapyk”


R.Hailewiç: "Biziň programmamyzyň çaklamagyna görä, Türkmenistanda WIÇ infeksiýasyna uçran adamlaryň sany 500-den az däl".

R.Hailewiç: "Biziň programmamyzyň çaklamagyna görä, Türkmenistanda WIÇ infeksiýasyna uçran adamlaryň sany 500-den az däl".

1-nji dekabr halkara derejesinde AIDS keseline garşy göreş güni hökmünde bellenip geçilýär. Azatlyk Radiosy bu kesele garşy göreş meselesinde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklary barada UNAIDS programmasynyň Merkezi Aziýa boýunça koordinatory Raman Hailewiç bilen ýörite söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Jenap Hailewiç, Türkmenistanda WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagy barada türkmen häkimiýetleri siziň guramaňyza nähili maglumat berýärler?

R.Hailewiç: Dürli ýurtlaryň WIÇ infeksiýasy barada BMG-niň ýörite programmasynyň sekretariatyna berýän hasabatlary barada gürrüň edilse, ýagny WIÇ infeksiýasynyň profilaktikasy hem bejerilişi boýunça rezolýusiýanyň ýerine ýetirilmegi barada gürrüň edýän bolsak, onda Türkmenistan şeýle hasabatlary bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Bize belli bolşuna görä, türkmen häkimiýetleri ýurtda diňe iki adamyň bu kesele duçar bolandygyny, olardan biriniň aradan çykandygyny aýdýarlar, şeýle dälmi?

R.Hailewiç: Hawa, bu türkmen tarapynyň berýän maglumaty. Biziň pikirimizçe, bu maglumat doly däl. Biziň programmamyzyň çaklamagyna görä, Türkmenistanda WIÇ infeksiýasyna uçran adamlaryň sany 500-den az däl.

Meniň pikirimçe, türkmen häkimiýetlerinde infeksion keselleriň öňüni almak boýunça ýörite programma hem bar. Olar wagtal-wagtal barlag hem geçirýärler. Şonuň üçin, ýurtdaky AIDS hem WIÇ infeksiýasy bilen kesellänleriň sany barada häkimiýet başyndakylarda maglumat bar diýip pikir edýarin. Ýöne häzirlikçe şol maglumatlar köpçülige ýetirilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, Türkmenistan WIÇ infeksiýasy bilen bagly maglumatlary BMG ýaly halkara guramalaryna ýetirmän, goňşy ýurtlara howp salmaýarmy? Bu ýerde gürrüň bejerilmeýän infeksion kesel barada gidýär ahyryn!?

R.Hailewiç: Maglumat bolmasa, beýleki ýurtlara näderejede howpuň abanýandygyny hem kesgitläp bolmaýar. Meniň pikirimçe, bu meselede ýurduň içinde alnyp barylýan işler has möhüm.

Biz, bir tarapdan, Türkmenistanda kesellänleriň sany barada we olara degişli başga maglumatlaryň ýokdugyny, ýurduň ýapykdygyny aýdýarys. Ýöne, beýleki tarapdan, Türkmenistanyň içinde pozitiw ädimleriň ädilýändigini-de boýun almaly.

Mysal üçin, şu ýyl Türkmenistan WIÇ infeksiýasynyň profilaktikasy boýunça täze strategiýany işläp düzdi. Bu barada ýurduň prezidenti Bütindünýä Saglyk Guramasynyň regional direktory, BMG-niň Ösüş programmasynyň administratory bilen duşuşygynda hem aýtdy. Şonuň üçin, türkmen hökümetiniň bu meselä üns berýändigini aýtsa bolar. Şol çäreleriň has aýgytly görnüşde amala aşyrylmagyna garaşylýandygy – bu aýry mesele.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyzda hasabat bermeýän ýurtlary hasabat bermäge mejbur eder ýaly ýörite mehanizmler barmy?

R.Hailewiç: Bu meselede bizde diňe bir mehanizm bar, ol hem hyzmatdaşlyk edip, dialogy ýola goýmakdan ybarat. Biz hasabaty düzmek üçin zerur bolan maglumatlary her bir ýurda ýetirmäge synanyşýarys. Ýagny, biz ýurtdaky epidemologik ýagdaýa görä, nireden maglumatlary ýygnamaly, olary nadip toplamaly diýen ýaly meseleler boýunça maglumat berip, kömek etmäge taýýar. Ýöne bu zatlaryň hemmesi dialog arkaly geçirilýär, ýagny, hökümetiň erk-islegi bolmasa, biz hiç hili maglumat alyp bilmeris.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň häkimiýetleri WIÇ infeksiýasyna uçranlar baradaky maglumatlary ýaşryn saklamak bilen, bu kesele uçranlaryň belli bir derejede hak-hukugyny bozmaýarmy?

R.Hailewiç: Islendik bir beýleki raýatlar ýaly, WIÇ infeksiýasyna duçar bolan adamlaryň hem medisina kömegini almaga haky bar. Ýagny, adama belli bir diagnoz goýulsa, ol şoňa görä-de bejerilmeli.

Şu ýyl Türkmenistan WIÇ infeksiýasy bar bolan adamlaryň bejerilmegi üçin zerur bolan dermanlaryň sanawyny tassyklady. Men muňa-da pozitiw ädim diýip baha berýarin hem bu mesele bilen bagly ýagdaýyň gowy tarapa özgerjekdigine umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, resmiler ýurtda diňe iki adamyň WIÇ infeksiýasyna uçrandygyny tassyklasalar-da, olar kesellileri bejermek üçin dermanlary-da satyn alynýar, ýörite strategiýa-da kabul edýärler. Eýsem, bu biri-birine gapma-garşy gelýän bir ýagdaý dälmi?

R.Hailewiç: Belki, bu ýagdaý problemanyň bardygynyň gytaklaýyn boýun alynmasydyr. Bir tarapdan-a, hökümet bu problemany çözmek üçin iş alyp barýar, beýleki tarapdan bolsa, öňden bäri kada öwrülen syýasat boýunça, ýurtda bu mesele barada gürrüň edilmeýär. Belki, bu meseläniň-de ýakyn geljekde çözülmegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Täjigistan ýaly ýurtlarda antiretrowirus terapiýasyny almaga gurby çatmaýan adamlara ýardam berýän guramalar bar. Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky WIÇ wirusyna uçranlaryň sany barada ygtybarly maglumatlary bermän, şol kesellileri mugt bejergi almak mümkinçiliginden mahrum edýärmi?

R.Hailewiç: Täjigistan barada aýtsak, bu ýurtda köp guramalar WIÇ infeksiýasyna, inçekesele hem gyzzyrma garşy göreş boýunça “Global fondunyň” programmalarynyň çäginde iş alyp barýarlar. Häzir bu fond Türkmenistanda inçekeseliň profilaktikasy hem bejergisi boýunça uly proýekti amala aşyrýar.

WIÇ infeksiýasy bilen bagly bu fond şeýle ýardamy Türkmenistana berip bilmez, sebäbi Türkmenistanda adam başyna düşýän girdejiniň derejesi, Täjigistan bilen deňeşdirilende, ýokary. Galyberse-de, WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň derejesi anyklanmadyk ýurtlara bu fond ýardam berip bilmeýär.

Başgaça aýtsak, ýerli häkimiýetlerde kesellilere ýardam bermek üçin zerur serişdeler ýeterlik bolmasa-da, infeksiýa barada gerekli maglumatlar berilmese, halkara guramalary-da ýurtdaky kesellilere ýardam berip bilmeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG