Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew prezidentlige kasam etdi


Almazbek Atambaýewiň Gyrgyzystanyň prezidentligine kasam edişlik pursaty. Bişkek, 1-nji dekabr, 2011.
Almazbek Atambaýewiň Gyrgyzystanyň prezidentligine kasam edişlik pursaty. Bişkek, 1-nji dekabr, 2011.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň täze prezidenti Almazbek Atambaýew prezidentlige kasam etdi. Bu Gyrgyzystan garaşsyzlyga çykandan soňra ilkinji gezek asuda häkimiýet çalşygydyr.


Penşenbe güni 55 ýaşly Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanda asuda demokratik saýlawlar netijesinde resmi ýagdaýda prezidentlik wezipesini eýeledi.

Ozal iki möhlete premýer-ministr bolan, telekeçi Almazbek Atambaýew oktýabrdaky prezident saýlawlarynda sesleriň 63 prosent çemesini almagy başarypdy.

Söz berdi…

Penşenbe güni Atambaýew sag elini ýurduň Baş kanunyna goýup, özüniň 6 ýyllyk möhlete prezidentliginiň dowamynda durnuklylygy we agzybirligi goramaga söz berdi.

“Men, Atambaýew Almazbek Şarşenowiç, Gyrgyz prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirip başlamak bilen, Hudaýyň we öz halkymyň öňünde döwlet baştutany hökmünde ähli wezipelerimi adalatly ýerine ýetirjekdigime, adam we raýat hukuklaryny gorajakdygyma, Gyrgyz respublikasynyň Baş kanunyna eýerjekdigime we milli agzybirligi, döwletiň bütewiligini we howpsuzlygyny gorajakdygyma kasam edýärin” diýip, Atambaýew kasam etdi.

Almazbek Atambaýew özüniň siýasy ýarany Roza Otunbaýewanyň ýerine geçdi.
Roza Otunbaýewanyň ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmäge hukugy ýokdy we ol meýletinlikde prezidentlikden çekildi.

Ýakyn aýlarda ýurtda ýeterlik derejede asudalyk boldy we Atambaýewiň prezident bolmagyna getiren saýlawlaryň, umuman, halkara ölçeglere laýyk geçendigi aýdyldy. Emma, Almazbek Atambaýewiň ýurtda syýasy, etniki we regiýonal bölünişikleriň çuňlaşan wagtynda prezident bolandygy-da aýdylýar.

Penşenbe güni prezidentlige kasam edenden soňky çykyşynda Atambaýew sowet eýýamynyň nogsanlyklaryny, şol sanda, pasportda etniki kimligi görkezmegi bes etmäge çagyrdy.

Şeýle-de, ol ýurdyň syýasy toparlaryna ýüzlenip, Gyrgyzystanyň gowy gelejegini gazanmak üçin bütewilige çagyryş etdi.

Orsýeti aýratyn nygtady

Almazbek Atambaýewiň Gyrgyzystany has-da Orsýete ýakynlaşdyrjakdygy çak edilýär. Ol penşenbe günki çykyşynda Orsýeti strategik partnýor diýip atlandyrdy we öz ýurdunyň Belarusyň, Gazagystanyň we Orsýetiň agza bolan gümrük bileleşigine goşulmagy üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

“Biziň ýurdymyzyň daşary syýasaty Gyrgyzystanyň halkynyň bähbitlerine laýyk bolmalydyr. Gyrgyzystan öz goňşulary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýar. Elbetde, Orsýet biziň strategik partnýorymyz . Biz gümrük bileleşigine goşulmagy göz öňünde tutýarys. Bu ädimiň biziň senagatymyzy täzeden dikeltjekdigine, howpsuzlygymyzy pugtalandyrjakdygyna, goňşularymyz bilen serhetlerimizi açjakdygyna we biziň halkymyzyň ýaşaşyş şertlerini ösdürjekdigine ynanýaryn. Biziň Orsýet we beýleki goňşularymyz bilen taryhymyzam we gelejegimizem birdir” diýip, Atambaýew nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, Almazbek Atambaýewiň prezidentlige kasam edişlik dabarasyna Orsýetiň ýokary derejeli resmileri gatnaşmady. Myhmanlaryň sanawynda prezident diňe prezident Dmitriý Medwedewiň administrasiýasynyň başlygy Sergeý Naryşkyn boldy. Ýöne, dabarada ol-da göze ilmedi. Dabarada Orsýetiň konstitusiýa sudunyň başlygy Waleriý Zorkin göze ildi.

Bu dabara goňşy Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem barmady.
Gyrgyzystanyň täze prezidenti Almazbek Atambaýewiň kasam ediş dabarasyna Türkmen mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew gatnaşýar diýip türkmen metbugaty habar berdi.
XS
SM
MD
LG