Sepleriň elýeterliligi

Alla Jiýoýewanyň tarapdarlary ýene proteste çykdylar


Günorta Osetiýada ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesini ýokary sud güýçsüz diýip yglan edenden soň, prezidentlige kandidat Alla Jiýoýewanyň tarapdarlary paýtagt Shinwalide sişenbe güni ýene protest çäresini geçirdiler.

Orsýetiň “Interfaks” habar gullugy bu çärä aglabasy erkek adamlar bolan 100 çemesi adam gatnaşypdyr.

Jiýoýewa 27-nji noýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyna ynanýar.

Saýlawlaryň deslapky resmi netijeleri Alla Jiýoýewanyň öz garşydaşy, Günorta Osetiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri, Moskwanyň tarapdary Anatoliý Babilowdan öňdedigini görkezipdi.

Emma Bibilowyň tarapdarlary saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, ýokary suda ýüz tutdular. Olaryý bu garaýşy bilen Günorta Osetiýanyň ýokary sudy ylalaşdy we saýlawlaryň netijelerini ýatyrdy.
XS
SM
MD
LG