Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly zyýaratçylar Haj zyýaratyndan dolandylar


Sişenbe güni türkmenistanly 186 sany zyýaratçy Haj zyýaratyndan dolandy.
Olar Gurban baýramynyň öňýanynda milli “Türkmen howa ýollary” gullugynyň ýörite gurnan reýsi bilen Saud Arabystanyna zyýarata gidipdiler.

Olar “Al-Haram” metjidine, Käbä, “Zem-zem” çeşmesine we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat etdiler.

Şeýle hem, türkmenistanly zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň guburlaryna zyýarat etdiler we meşhur metjitlerde namaz okadylar.
XS
SM
MD
LG