Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly spesialistler Awstriýada we Germaniýada boldular


Golaýda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň spesialistlerinden ybarat topar kiçi hem orta telekeçiligi ösdürmek boýunça Awstriýa we Germaniýa okuw saparlaryny etdiler.

Olar Germaniýanyň we Awstriýanyň onlarça kiçi kärhanalaryna baryp, oba hojalyk, et-süýt, gök önüm kärhanalarynyň, gurluşyk kompaniýalarynyň we okuw merkezleriniň işleri bilen tanyşdylar.

“Neýtralniý Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, bu sapar Türkmenistanyň hem Ýewropanyň bilelikdäki “Teacher” proýekti we Türkmenistanyň söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalypdyr.
XS
SM
MD
LG