Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýrana we Siriýa garşy täze gadaganlyklary tassyklady


Penşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Eýranyň ýadro programmasyna jogap hökmünde we Siriýa režiminiň protestçileri basyp ýatyrmagyny togtatmagy üçin basyşyny güýçlendirip, olara garşy täze gadaganlyklary tassyklady.

Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri 180-den gowrak eýranla we ýurduň kompaniýalaryna garşy syýahat gadaganlyklaryny hem olaryň bank hasaplaryny doňdurmagy makulladylar.

Emma, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýranyň nebitine gadaganlyk girizmek boýunça ylalaşyp bilmediler.

Ministrleriň ýaýradan beýannamasyna görä, täze gadaganlyklar Siriýanyň energiýa we maliýe pudaklaryny-da nyşana alýar.

Mundan öň, çarşenbe güni Britaniýa Eýranyň ähli diplomatyny çykarýandygyny we Londondaky ilçihanasyny ýapýandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG