Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda dzýudo göreşi boýunça ýaryş geçirildi


Türkmenistanda dzýudo boýunça geçirilen ýaryş tamamlandy. Muňa ýurt boýunça 500 çemesi sportsmeniň gatnaşandygyny ýerli metbugat habar berýär.

Üç günläp dowam eden ýaryşyň dowamynda ýetginjikleriň (ýaşy 16-dan uly bolmadyk), ýuniorlaryň (ýaşy 19-dan uly bolmadyk) we uly ýaşly erkekleriň arasynda bäsleşikler geçirildi.

Ýaryşyň netijelerine görä, “Grand Slam” we “Grand Prix” ýaryşlarynda çykyş etjek Türkmenistanyň ýygynydy topary düzüldi.
XS
SM
MD
LG