Sepleriň elýeterliligi

BMG: 2012-de ikinji ykdysady krizisiň döremegi mümkin


BMG-niň Ykdysady we Sosial işleri boýunça edarasynyň taýýarlan hasabatynda dünýäniň ikinji gezek global ykdysady çökgünlige uçramagynyň uly ähtimallygynyň bardygy nygtalýar.

Hasabata görä, geljek ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2.6% deň bolar. Bu görkeziji 2010-njy ýylda 4% bolupdy.

Emma, eger Ýewropadaky maliýe krizisini çözmek başartmasa, şeýle-de ösen döwletler býujet çykdaýjylaryny kemeltmegini dowam etdirse, onda geljek ýyl üçin kesgitlenen ösüşiň derejesiniň 2.6%-den hem pes bolmagy mümkin.

Hasabata görä, geljek ýyl ykdysady ösüşiň derejesiniň Amerikada 1.5%-e, Ýewropa ýurtlarynda bolsa, ortaça, 0.7%-e deň bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG