Sepleriň elýeterliligi

E.Barak ýene Eýrana hüjüm etmek meselesi barada gürrüň etdi


Penşenbe güni Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Eýranyň ýadro programmasy sebäpli Ysraýylyň bu ýurda hüjüm etmek ilemeýändigini, ýöne bu mesele boýunça hiç bir çykalga galmadyk halatynda, şeýle hüjümi amala aşyryp biljekdigini aýtdy.

Ehud Barak bu barada Ysraýylyň radiosynda çykyş etdi. Ol sanksiýalaryň we diplomatiýanyň Eýranda bar bolmagy mümkin ýadro progammasyndan el çekmegi üçin ýeterlik basyş boljakdygyna umyt edýändigini belledi.

Günbatar döwletleri Eýranyň gizlinlikde ýadro ýaragyny döretmek ugrunda iş alyp barýandygyna şübhelenýärler. Eýran bu aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG