Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý jynsy zorluga sezewar edilen aýalyň günäsini geçdi


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ilki jynsy zorluga sezewar edilen, soňam bikanun zyna etmekde aýyplanyp 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen aýalyň günäsini geçdi.

Prezident edarasynyň dünýki ýaýradan beýanatynda bu aýal we oňa hüjüm eden adam birek-birek bilen maşgala gurmagy razylaşandyklary aýdylýar. “Associated Press” habar gullugunyň bellemegine görä, tussaglyga höküm edilen bu zenan tussaglykdan azat bolmagyň owezine hüjümçä durmuşa çykmajakdygyny aýdypdyr.

BBC-niň maglumatyna laýyklykda, tussaglykda bu aýal bilen birlikde onuň çagasy-da saklanypdyr.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Owganystanda türmede oturan aýallaryň köpüsiniň şuňa meňzeş jynsy zorluklaryň pidalary bolan aýallardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG