Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan korrupsiýada ýene tapawutlandy


“Transparency International” guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça korrupsiýanyň görkezijileri baradaky kartasy.

“Transparency International” guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça korrupsiýanyň görkezijileri baradaky kartasy.

1-nji dekabrda “Transparency International” guramasy dünýäde korrupsiýanyň derejesi boýunça hasabat ýaýratdy. Ýylda çap edilýän we 183 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda Türkmenistan sanawyň iň soňky setirlerinde – 177-nji orunda ýerleşdirilipdir.


“Transparency International” guramasynyň “Korrupsiýanyň görkezijileri” atly ýyllyk hasabatyndaky sanawyň ýokary setirlerinde korrupsiýadan iň azat jemgyýetli ýurtlar ýerleşýär.

Korrupsiýanyň derejesi ýokarlandygyça, ýurtlar sanawyň aşaky setirlerine tarap süýşýärler. “Transparency International” guramasynyň şu ýylky hasabatynda Türkmenistan bilen Özbegistan iň aşaky setirleriň birinde, ýagny 177-nji orunda bilelikde yerleşdirilipdir.

Türkmenistana berlen baha

“Transparency International” guramasynyň ýolbaşçylaryndan Miklos Marşall hasabatda Türkmenstan bilen Özbegistanda bu ugurda kän bir oňyn oňegidişlikleriň ýokdugyny aýtdy.

“Transparency International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Miklos Marşall.

“Transparency International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional direktory Miklos Marşall.

“Hakykatda Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlarda ýagdaý garaňky diýse bolar. Ol ýerde haýsydyr bir jogapkärçilik diýlen zada duşmak gaty kyn. Hökümet elitalarynda hiç hili jogapkärçilik ýok, ol ýerde syýasy oppozisiýa hem ýok, raýat jemgyýetçiligi hem ýok, erkin metbugatam ýok. Ol jemgyýetler tas doly ýapyk jemgyýetlerdir, hut şonuň üçinem ol ýerde gowulaşma ýok” diýip, Miklos Marşall belledi.

“Transparency International” guramasynyň hasabatyna görä, dünýäde korrupsiýa bilen bagly Türkmenistandaky ýagdaýdan has agyr ýagdaý diňe Owganystanda, Mýanmarda, Demirgazyk Koreýada we Somalide saklanýar.

Hasabatda “0” – korrupsiýanyň iň ýokary derejesini, “10” bolsa korrupsiýadan azatlygy aňladýar. Türkmenistana berlen baha – 1.6. Korrupsiýanyň derejesi boýunça hasabatda kesgitlenen bahalar ýurtlaryň syýasy we jemgyýetçilik gurluşlarynyň korrupsiýa bilen bagly ýagdaýyna esaslanýar. Ýagny, döwlet resmileriniň para almagyna, döwlet serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagyna we salgytdan boýun gaçyrmagyna degişli ýagdaýlar ýurtlara berlen bahalara öz täsirini ýetirýär.

Näme üýtgedi?

“Transparency International” guramasynyň wekili Miklos Marşallyň sözlerine görä, bu ýylky hasabat korrupsiýanyň derejesi ýokary bolmadyk ýurtlarda ozalky ýyllara garanyňda gowulyga tarap uly bir ösüşiň bolmanlygyny görkezýär. Muňa garamazdan, korrupsiýadan azat ýurtlar bilen korrumpirlenen ýurtlaryň arasyndaky uly tapawut saklanyp galýar.

Miklos Marşall ýagdaýyň agyr bolan ýurtlarynda korrupsiýanyň ýurduň gurluşyna aralaşyp, tutuş sistemany emele getirýänligini belleýär.

“Transparency International” guramasynyň hasabatynda Türkmenistana berlen baha soňky ýylyň dowamynda-da ýurtda güýçli korrupsiýa derejesiniň saklanyp galanlygyny görkezýär.

Guramanyň ozalky ýyllarda çap eden hasabatlarynda-da Türkmenistan dünýä derejesinde korrupsiýanyň iň güýçli bolan bäş ýurdunyň hataryna girýärdi. Meselem, 2009-njy ýylyň hasabatynda Türkmenistan 168-nji orunda, 2010-njy ýylda bolsa 172-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG