Sepleriň elýeterliligi

“Transhazar” proýekti urşa getirip bilermi?


Mihail Aleksandrow: "Aşgabat bilen Bakuw şeýle ýol bilen hem düşünmeseler, onda, mümkin, olara howa hüjümleri arkaly düşündirmeli bolar".

Mihail Aleksandrow: "Aşgabat bilen Bakuw şeýle ýol bilen hem düşünmeseler, onda, mümkin, olara howa hüjümleri arkaly düşündirmeli bolar".

Soňky döwürde dünýä metbugatynda “Transhazar” gazgeçirijisi boýunça dürli maglumatlar peýda boldy. Şol maglumatlarda, esasanam, bu proýektiň amala aşyrylmagyna garşy rus yolbaşçylarynyň atýan haýbatlary barada gürrüň edilýär.


“Euroasianet” internet saýtynda žurnalist Joşua Kuçeranyň “Orsýet ‘Transhazar’ gazgeçirijisi üçin urşa başlarmy?” diýen makalasynda Orsýetiň türkmen gazynynyň Ýewropa akdyrylmagynyň öňüni almak ugrunda hereket edýändigi aýdylýar. Muňa türkmen gazy Ýewropa bazaryna çykarylansoň, “Gazpromyň” Ýewropa bazaryndaky paýynyň azaljakdygy baradaky aladalar sebäp bolýar diýip, awtor belleýär.

Hazar deňzindäki Azerbaýjana degişli energiýa sektorlaryndan biri.

Hazar deňzindäki Azerbaýjana degişli energiýa sektorlaryndan biri.

Soňky döwürde metbugatda “Transhazar” proýektiniň amala aşyrylmagynyň öňüni almak üçin Orsýetiň harby hereketlere geçmeginiň-de mümkindigi barada köp maglumatlar peýda boldy diýip, Joşua Kuçera bu barada ýakynda Orsýetiň “Nezawisimaýa gazetinde” çap edilen maglumata salgylanýar. Onda Moskwadaky GDA institutynyň analitigi Mihail Aleksandrowyň sözleri getirilýär.

“Hüjümler arkaly düşündirmeli bolar”

Bilermen Aleksandrowyň pikirine görä, “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy Hazaryň sektorlara bölünmeginiň hakykatda ykrar edildigi bolar. Bu bolsa Orsýet üçin kabul ederlikli däl.

“Şeýle ýagdaýda Orsýet Gürjüstany parahatçylygy saklamaga mejbur edişi ýaly, hereket etmeli bolar” diýip, analitik Mihail Aleksandrow “Nezawisimaýa gazetindäki” söhbetdeşlikde nygtaýar.

Şeýle hem, ol “Transhazar” gurluşygy barada ylalaşylan ýagdaýynda, Moskwa Aşgabady hem Bakuwy halkara kanunlaryny berjäý etmäge mejbur etmeli bolar. Olar şeýle ýol bilen hem düşünmeseler, onda, mümkin, olara howa hüjümleri arkaly düşündirmeli bolar diýýär.

"NATO-nyň Ýugoslawiýa, Owganystan, Yrak we Liwiýa ýaly ýurtlarda eden hüjümlerinden soň, Orsýeti Kaspide güýç ulanmakdan ahlak ýa-da hukuk taýdan saklap biljek päsgelçilik ýok” diýip, analitik Mihail Aleksandrow “Nezawisimaýa gazeti” bilen söhbetdeşlikde belleýär.

Dumanyň resmisi-de muny goldaýar

“Moskwa ‘Transhazar’ gazgeçirijisine garşy duýduryş berýär” diýen at bilen analitik Wladimir Sokoryn 30-njy noýabrda çap eden makalasynda rus Dumasynyň spikeriniň orunbasary hem Orsýetiň “Gaz jemgyýeti” atly guramasynyň prezidenti Waleriý Ýazewiň “Transhazar” gazgeçirijisi barada aýdan sözleri getirilýar.

Waleriý Ýazew Türkmenistanyň Kaspidäky harby goragynyň gowşakdygyny aýdyp, Kartada Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň aralygynda "Transhazar" gazgeçirijiziniň geçmegi mümkin ugry.

Kartada Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň aralygynda "Transhazar" gazgeçirijiziniň geçmegi mümkin ugry.

Türkmenistan “Transhazar” gazgeçirijisi boýunça günbatar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk eden halatynda, Liwiýadaky ssenariniň gaýtalanmagynyň mümkindigini duýdurýar. Waleriý Ýazew şeýle ýagdaýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň köpugurlylyk syýasatynyň hem ýurduň bitaraplygynyň ykrar edilendiginiň hiç hili rol oýnamajagyny nygtaýar.

Hut şu ýagdaýlara esaslanyp, Waleriý Ýazew: “Türkmenistan Günbatar ýurtlaryna näz etmegiň deregine 'Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnama guramasy', 'Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy', 'Ýewraziýa ykdysady bileleşigi' ýaly guramalar arkaly Orsýetiň hem Hytaýyň goldawyny tapmaga çalyşmaly” diýýär.

Ylalaşmaýanlar-da bar

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň uly ylmy işgäri, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermen, professor Artýom Ulunýan orsýet metbugatynda Türkmenistana garşy atylýan bu haýbatlaryň boşdugyny aýdýar.

A.Ulunýan: “Türkmenistana garşy hiç bir harby hüjüm amala aşyrylmaz. Bu barada gürrüň hem edip durmaly däl. Sebäbi Orsýetdäki syýasatçylaryň köpüsi ýagdaýa gowy düşünýärler. Ýagny, bir güýç ulanmak boýunça edilip bilinäýjek nähilidir bir synanyşyk tutuş regionda zynjyr reaksiýasyny döreder. Şonuň üçin, Merkezi Aziýada durnuksuzlygyň döremegine getirip biljek hereketi ýa akylyndan azaşan, ýa-da öz ägirt uly problemalaryndan ünsi başga ýana sowmak isleýän adam amala aşyryp biler” diýdi.

Analitik Wladimir Sokor bolsa, häzirki pursatda Günbatar “Transhazar” proýektiniň öz bilelikdäki bähbitlerine gabat gelýändigi barada Moskwa açyk-aýdyň aýtmaly hem bu ugurdaky borçlaryny ýerine ýetirip, hazarýaka partnýorlaryna öz ýaranlygyny mälim etmeli diýen pikiri öňe sürýär.

“Euroasianet” internet saýtyndaky synyň awtory žurnalist Joşua Kuçera Kreml tarapyndan goldanylýan synçylaryň we žurnalistleriň howpukdyryjy beýanatlarynyň “Transhazara” gatnaşmak isleýän potensial inwestorlary we partnýorlary gorkuzmak maksadyny yzarlaýandygyny ýazýar.

Ýöne, taraplar gorkmasa we “Transhazar” proýektiniň amala aşmagy dowam etse, onda bu regionda gaty gyzykly wakalara garaşyp bolar diýip, Joşua Kuçera belleýär.

Ýakynda, 3-nji noýabrda Aşgabatda energiýa meselesine bagyşlanylyp geçirilen halkara forumynda prezident G. Berdimuhamedow Ýewropa gönükdiriljek gaz geçirijileriň Türkmenistanyň energiýa syýasatynda örän möhüm ähmiýete eýedigini we bu ugurda aktiw işleriň alnyp barylýandygyny nygtapdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG