Sepleriň elýeterliligi

Prezident Medwedew orsýetlileri “dogry seçim” etmäge çagyrdy


Anna güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew telewideniýe arkaly eden çykyşynda orsýetlileri 4-nji dekabrdaky parlament saýlawlarynda “dogry seçim” etmäge çagyrdy.

Medwedew öz ýurdunyň işine jogapkär syýasatçylaryň “peýdaly kanun çykaryjy organa” mätäçdigini aýtdy.

“Siz ses bermek üçin näçe wagt sarp edýärsiňiz? Köp däl, ýarym sagat, bir sagat. Emma, şol bir sagat ýurduň nähili parlament bilen ýaşajakdygyny çözýär. Eýsem, ol barlyşyksyz gapma-garşylygyň tarapdary we hiç zady çözmeýän parlament bolarmy? Gynansakda, biziň taryhymyzda şeýle organ bolupdy” diýip, Medwedew belledi.

Şeýle-de, Medwedew Döwlet Duma saýlawlara resmi hasaba alnan ähli 7 partiýa üçin “erkin we adalatly bäsdeşlik” boljakdygyny sözüne goşdy.

Saýlawlara syn edýän garaşsyz “Golos” guramasy köpüsi “Bütewi Orsýet” partiýasyna garşy 4 muň 700-den gowrak arzany hasaba aldy.
XS
SM
MD
LG