Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi Siriýa üns berdi


Anna güni BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Siriýadaky ýagdaýlar barada adatdan daşary maslahat geçirdi.

Onda çykyş eden BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Nawi Pilleýiň sözlerine görä, Siriýanyň režiminiň oppozisiýa protestçilerini basyp ýatyrmagy bilen bagly aýyplamalaryň adamzada garşy jenaýatdygy üçin Siriýadaky ýagdaýlara Halkara sudunda garamaly.

Bu maslahat BMG-niň ýörite komissiýasynyň Siriýadaky ýagdaýlar barada garaşsyz derňewinden soňra geçirildi. Şol komissiýanyň hasabatynda Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň asuda ilaty öldürmegi we gynamagy barada ýokary derejeli resmilerden görkezme alandygy habar berilýär.

Nawi Pilleýiň aýtmagyna görä, Siriýada harbylaryň hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmaga başlaly bäri 4 müňden gowrak adam öldürildi we 14 müňden gowrak adam tussag edildi.

Ol režimiň “gazaply repressiýasynyň” ýurdy graždanlyk urşuna iterýändigini hem duýdurdy.
XS
SM
MD
LG