Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bütewi Orsýet” öňde barýar, emma goldawçylary azaldy


Orsýetli resmiler “Bütewi Orsýet” partiýasynyň saýlawçylaryň 50 prosent çemesiniň sesini alandygyny aýdýarlar.
Orsýetli resmiler “Bütewi Orsýet” partiýasynyň saýlawçylaryň 50 prosent çemesiniň sesini alandygyny aýdýarlar.
Ýekşenbe güni Orsýetiň Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, “Bütewi Orsýet” partiýasy öňde barýar. Emma ony goldaýanlaryň sany ep-esli azalypdyr.

Orsýetli resmiler “Bütewi Orsýet” partiýasynyň saýlawçylaryň 50 prosent çemesiniň sesini alandygyny aýdýarlar. Emma 2007-nji ýyldaky saýlawlarda bu görkeziji 64 prosentdi.

Ikinji orundaky Kompartiýanyň 20 prosentden gowrak ses alandygy aýdylýar.

Prezident Dmitriý Medwedew bilen birlikde telewideniýede göni efirde çykyş eden premýer-ministr Wladimir Putin: “Biz bu netijelere daýanyp, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edip bileris” diýdi.

Duma geçirilen saýlawlarda synçylaryň hukuklarynyň bozulandygy we ses berişlikde galplyklaryň bolandygy habar berildi.

Orsýetiň “Kommunist” we “Ýabloko” partiýalary saýlawlardaky kanun bozmalaryň “Bütewi Orsýet” partiýasynyň has köp ses almagyna ýardam edendigini aýdýarlar.

“Assoşeýted Press” habar gullugynyň maglumatyna görä, wladiwostokly saýlawçylar “Bütewi Orsýet”partiýasyna ses bermek baradaky wadalary üçin özlerine mugt azyk önümleriniň teklip edilýändigi barada polisiýa şikaýat edipdirer.

Polisiýa we şaýatlar Moskwada hem Peterburgda resmi taýdan rugsat edilmedik üç proteste gatnaşan 270 çemesi adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Ençeme habar serişdeleriniň, şol sanda garaşsyz “Eho Moskwy” radiosynyň internet saýtlaryna hakerler hüjüm etdiler, olar jemgyýete elýeterli bolmady.

Saýlawlara gözegçilik edýän “Golos” atly garaşsyz guramanyň internet saýty hem petiklendi.

Ýekşenbe güni Orsýetiň Interfaks habar gullugynyň beren maglumatyna görä, Döwlet Dumasy üçin geçirilen saýlawlara Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlary hem gatnaşýarlar.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy 43 müňden gowrak saýlawçynyň resmi hasaba alnandygyny habar berýär. Interfaksyň maglumatyna görä, olar bäş welaýatda açylan saýlaw merkezlerinde ses berip bilýärler.
XS
SM
MD
LG