Sepleriň elýeterliligi

Salehi britan ilçihanasyna edilen hüjüme gynanýandygyny aýtdy


Berlinde Salehi germaniýaly kärdeşi Gido Westerwelle bilen duşuşýar, 4-nji dekabr.

Berlinde Salehi germaniýaly kärdeşi Gido Westerwelle bilen duşuşýar, 4-nji dekabr.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi geçen hepde Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edilmegine özüniň juda gynanýandygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni Berlinde Salehi germaniýaly kärdeşi Gido Westerwelle bilen duşuşanda öz ýurdunyň şular ýaly wakalaryň mundan beýläk gaýtalanmazlygy üçin elde baryny etjekdigini nygtady.

Salehi Bonnda Owganystan barada açylýan halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Germaniýa bardy.

Şol bir wagtyň özünde, ýekşenbe güni eýranly harbylar ýurduň howa giňişligini bozan Amerikanyň pilotsyz uçaryny urandyklaryny yglan etdiler.

NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçylary Owganystanyň territoriýasynda tabşyrygy ýerine ýetirýärkä geçen hepde aragatnaşygy kesilen uçaryň şol pilotsyz uçar bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG