Sepleriň elýeterliligi

"Tygşytly" tarif


Täze tarif planyna geçmek üçin 5 manat tölemeli.

Täze tarif planyna geçmek üçin 5 manat tölemeli.

Aşgabadyň dürli künjeklerinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň giriş jaňlar 2 teňňe diýen bildirişlerine duşmak bolýar. Bu bildiriş “Altyn Asyryň” täze “Tygşytly” diýip atlandyrylýan tarifi.

Bu tarifde şäher we şäherara ulgamyndan giriş jaňlarynyň 1 minudy üçin 2 teňňe tölemeli. Adaty tarifde bu hyzmat üçin 12 teňňe tölemeli bolýar. “Tygşytly” tarifde ulgamdan ulgama çykyş jaňlarynyň 1 minudy üçin 6 teňňe, bir çykyş SMS habary üçin bolsa 5 teňňe tölemeli. “Altyn Asyryň” adaty tarifinde ulgamdan ulgama çykyş jaňlarynyň 1 minudy üçin 10 teňňe, bir çykyş SMS üçin bolsa 8 teňňe tölemeli. Täze tarif planyna geçmek üçin 5 manat tölemeli.

“Tygşytly” tarif öňki tarifden arzan. Emma gündelik tölemeli abonent tölegi boýunça 3 esse gymmat. Ýagny, abonent “Tygşytly” tarifinden peýdalanmak üçin günde 30 teňňe tölemeli. “Bu tarif mobil telefon arkaly köp gürleşýän müşderilerimiz üçin amatly” diýip, “Altyn Asyryň” işgäri aýdýar.

Emma, “Altyn asyryň” işgäriniň aýtmagyna görä, häzire çenli bu tarife geçýän müşderileriň sany az. Aşgabatly medeniýet işgäri Annadurdy Geldiýew munuň sebäbini şeýle düşündirýär:

—Adamlarda "Altyn Asyra" bolan garaýyş negatiw. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi onuň aragatnaşygynyň hiliniň pesligi. Nähili tarif bolanda hem aragatnaşygyň hili gowulananok. Şol sebäpden bu tarife üns berýän hem az.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky bazaryň satyjysy 32 ýaşly Aman bu “Tygşytly” tarife geçendigini aýdyp şeýle diýdi:

Men hakykatdanam bu tarif arkaly pulumy tygşytlap bilýärin. Elbetde, täze tarif “Altyn Asyryň” aragatnaşygynyň hiliniň pesligi meselesini çözmez.
—Bu tarif telekeçilik, söwda bilen meşgullanýanlar üçin amatly. Men her gün azyndan 30-50 minut mobil telefon arkaly gürleşýän. Men hakykatdanam bu tarif arkaly pulumy tygşytlap bilýärin. Elbetde, täze tarif “Altyn Asyryň” aragatnaşygynyň hiliniň pesligi meselesini çözmez. Ýöne onuň aragatnaşygynyň hilini gowulandyrmak üçin hem işler alnyp barylmaly. Ýogsam, indi howa üýtgese “Altyn Asyryň” aragatnaşygy hem üýtgäberýär.

“Tygşytly” tarifde "Altyn Asyryň" internet hyzmatynyň nyrhy üýtgemändir. Öňki ýaly 1 MB maglumat üçin 7 teňňe tölemeli. Aşgabatly programmist Arslan Babaýew “Altyn Asyryň” 3G internet hyzmatyny ýurtda ilat köpçüligine elýeterli bolan ýeke-täk hili gowy internet diýip, hasap edýär:

“Altyn Asyr” hem öz internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny arzanladyp, tarif planlaryny köpeltse gowy bolardy.
—Şonuň üçin, bu internediň nyrhy hem has elýeter bolsa internet ulanyjylaryň sany artar. Daşary ýurt kompaniýalarynyň köpüsinde “gijeki internet”, “çäksiz internet” diýen tarifler bar. Bizde bolsa bu hili tarifler diňe “Türkmen Telekomyň” ADSL internedinde bar. Emma ol internet baha we tehniki taýdan ilat köpçüligine elýeterli däl. “Altyn Asyr” hem öz internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny arzanladyp, tarif planlaryny köpeltse gowy bolardy. Mysal üçin, iň bolmanda gije internet ulanylanda nyrhlar peseldilse adalatly bolardy. Bu hili praktika beýleki mobil aragatnaşyk kompaniýalarynda giňden ulanylýar.

“Altyn Asyr” kärhanasynyň “Tygşytly” tarifi Garaşsyzlyk baýramçylygyndan öň girizilipdi. Bu tarifiň reklama bukletlerini şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen “Türkmentel-2011” halkara sergisinde görmek bolýardy.

Täze tarifiň girizilimegi bilen “Altyn Asyryň” adam başyna berilýän nomer çäklendirilmesi aýrylmandyr. Entek hem her adama bir telefon nomer berilýär.

Şu ýylyň maý aýynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileriniň sanynyň 1,5 milliona golaýlandygy barada habar berlipdi. Orsýetiň MTS kompaniýasy ýurtdan çykarylmazyndan öň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda “Altyn asyryň” müşderileriniň sany 500 müňdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG